Filippinlerde güýçli siliň netijesinde adam pidalarynyň sany 32-ä ýetdi

  • 29.12.2022 07:47
  • 27k+

Filippinlerde güýçli ýagynlar netijesinde ýüze çykan sil zerarly azyndan 32 adam aradan çykdy, 24 adam dereksiz ýitdi. Penşenbe güni Howplary duýdurmak we tebigy betbagtçylyklary ýok etmek boýunça milli geňeşiň çap eden hasabatyna görä, sil ýurduň 10 sebitinde 486,4 müň adama täsirini ýetirdi.

Edaranyň maglumatlaryna görä, 101,6 müň sany göçürilen adamlar 150 sany halas ediş merkezlerine ýerleşdirildi. Azyndan 1,42 müň adam sil gelmezden öň öýlerini terk etdi, 11 adam dürli görnüşli şikes aldy.
67 sany şäherde we 71 sany munisipalitetde okuw mekdeplerinde okuwlar we kärhanalarda işler togtadyldy.


20.06.2026 14:57
7.1k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....