2023-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi düzüldi

  • 24.12.2022 08:30
  • 31k+

23-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

  • 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda Täze ýyl baýramy mynasybetli dabaralar geçiriler.
  • 1-10-njy ýanwar aralygynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Täze ýyl mynasybetli çagalaryň baýramçylyk dabarasyny, şeýle-de Baş arçanyň ýanynda baýramçylyk çäreleri geçiriler.
  • 5-nji ýanwarda Söwda-senagat edarasynyň binasynda zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy bolar.
  • 27-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Çagalaryň gyşky dynç alyş möwsüminde Aşgabat şäherinde we sebitlerde dürli medeni çäreleri, şol sanda teatrlarda, kinokonsert merkezlerinde körpelerdir ýetginjeklere niýetlenen sahna oýunlarynyň, kinofilmleriň görkezilişlerini, muzeýlerde we kitaphanalarda dürli medeni çäreleri, sergileri guramak meýilleşdirilýär.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......