Jastin Biber öz aýdymlaryna bolan hukugyny 200 mln dollara satmagy karar etdi

  • 23.12.2022 12:23
  • 17k+

Jastin Biber geleşik baglanyşmagy meýilleşdirýär, oňa laýyklykda onuň sazyna bolan hukuk Blackstone Inc. kompaniýalarynyň maýa goýum toparynyň goldamagyndaky Hipgnosis Song Management şereketiniň eýeçiligine geçer. Geleşigiň bahasy 200 mln dollar bolup durýar. Bu barada Wall Street Jounal-a salgylanýan Bloomberg habar berýär.

Hipgnosis kompaniýasy ýerine ýetirijileriň aýdymlaryny satyn alyp, olary Internetde görkezmekden, filmlerde ýa-da mahabatlarda ulanmakdan girdeji alýandygy bilen bellidir. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, taraplar häzirlikçe diňe ylalaşygyň şertlerini maslahatlaşýarlar, resminamalara entek gol çekilmedi. Hipgnosis Song Management we Blackstone teswir bermekden boýun gaçyrdylar.
2022-nji ýylyň maýynda Jastin Timberleýk hem öz sazlaryna bolan hukugy şu gurama satdy. Kompozisiýalaryň hatarynda «Cry Me A River» we «Rock Your Body» ýaly hitler bardy. Geleşigiň bahasy 1 mlrd dollar bolupdy. Timberleýkden hem başga, Jon Lejend bilen Bob Dilan hem öz aýdymlaryny satdylar.

düýn 23:59
50

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
464

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
2.6k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

düýn 10:41
1.3k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......