Jeýms Kemeron «Terminatoryň» dowamyny gaýtadan düşürmek isleýär

  • 22.12.2022 16:08
  • 14k+

Jeýms Kemeron diňe bir «Awatar» we «Titanik» franşizalary bilen däl, eýsem, «Terminatory» bilen hem bellidir. Režissýor seriýanyň diňe başky iki bölümini surata düşürdi, ýöne soň onuň üstünde işlemegini bes etdi.

Ýakynda Kemeron seriýa höwes bilen gaýdyp gelesiniň gelýändigini, ýöne başga ideýa bilen gelmegi makul bilýändigini gürrüň berdi. Filmi goýujy ýene-de adamlary heläkleýän maşynlar hakynda gürrüň bermän, emeli aň temasyny ösdüresiniň gelýändigini aýtdy.  

"Awatar" daşky gurşaw hakynda gürrüň berýär, franşizanyň filmlerinde men emeli aň barada agzamaýaryn. Eger men ýene bir "Terminatory" surata düşürip bilsedim we belki, häzir gürrüňi edilýän, ýöne entek çözülmedik franşizany  täzeden goýbermek mümkin bolsady, men aklyndan azaşan maşynlar hakynda däl-de, emeli aň hakynda film dörederdim.

Kemeronyň "Terminatora" gaýdyp gelýändigi hakynda resmi görnüşde entek hiç zat aýdylmady.

şu gün 16:13
534

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
908

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
2.9k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......