Samsung täze S23 flagmanynyň ilkinji görkezilişini yza süýşürdi

  • 21.12.2022 14:38
  • 21k+

Samsung özüniň täze S23 flagmanynyň ilkinji görkezilişini yza süýşürdi. Gizmochina-nyň habar bermegine görä, tanyşdyrylyş fewral aýynyň ahyrynda geçmegi mümkin. Öň bu çäräni aýyň başynda geçirmek meýilleşdirilipdi. Görlüp oturylsa, günorta koreýaly ägirt öz gajetleriniň täze nesliniň bahasy bilen ylalaşmandyr.  

Kompaniýa bazara bäsdeşlik, ykdysadyýet, isleg we teklipler nukdaýnazaryndan baha bermäge özüne köpräk wagt gerek bolar diýip hasaplady. Bularyň bary ýerine düşjek bahanyň kesgitlenmegi üçin zerur. 
S23-iň tapgyry resmi suratda 2023-nji ýylyň fewral aýynyň birinji hepdesinde tanyşdyrylar diýip garaşylýardy, iki hepdeden soň bolsa gajetler satuwa çykmalydy. 
Samsung üç modeli - Galaxy S23-i, S23 Plus-y we S23 Ultra-ny öz içine alýan Galaxy S23 lineýkasyny görkezer. Bu maşgalanyň smartfonlary kuwwatly Snapdragon 8 Gen 2  çipinde işlär.
Smartfonuň ultra-wersiýasy esasy kameranyň 200 megapiksellik datçigine eýe bolar. Mundan hem başga, Samsung Huawei-ň we Apple-iň yzysüre hemra aragatnaşykly smartfonlary çykarýan elektronika öndürijileriň sanawyna girer. Galaxy S23 modeli günorta koreýaly kompaniýalaryň arasynda şeýle gajet çykarýanlaryň ilkinjisi bolar. 


15.06.2026 19:47
3.4k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......

09.06.2026 23:10
2.7k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

27.05.2026 00:21
4.1k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

13.05.2026 12:16
4k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....