«Demir adam» filmi bilen «Suw perisi» multfilmi ABŞ-nyň milli buýsanjy diýip ykrar edildi

  • 18.12.2022 09:48
  • 13k+

«Demir adam» (2008), «Garri Sallä duşanda» (1989) filmleri we «Suw perisi» (1989) multfilmi ABŞ-nyň Kongresiniň kitaphanasynyň Milli filmleriniň reýestrine girizildi. Bu barada Variety žurnaly habar berdi.

Täzelenen sanawa jemi 15 film, şol sanda Stiwen Kingiň adybir romanynyň esasynda surata düşürilen «Kerri» (1976), «Saç üçin lak» mýuzikli (1988) we «Sirano de Beržerak» (1950) goşuldy.

«Filmler amerikan medeniýetiniň absolýut merkezi elementi boldular <...>. Milli reýestrimize ýagty we dürli meýilnamaly režissýorlaryň düşüren ýene 25 filmini goşýandygymyza we kinematografiýa mirasymyzy saklap galýandygymyza buýsanýarys» — diýip, žurnal Kongresiň kitaphanasynyň işgäri Karly Haýdeniň sözlerini getirýär.

Häzirki wagtda reýestrde Birleşen Ştatlaryň medeni buýsanjyna degişli edilen filmleriň we multfilmleriň 850-si bar.


19.06.2026 19:53
2.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......