"Formula-1-de" Awstraliýanyň Gran-prisi 2037-nji ýyla çenli uzaldyldy

  • 18.12.2022 09:21
  • 3k+

"Formula-1" çempionatynyň we Awstraliýanyň Gran-prisiniň guramaçylary şertnamany ýene-de iki ýyl möhlet bilen uzaltdylar. Bu barada Wiktoriýa ştatynyň hokümet saýtynda habar berilýär diýip, sovsport.ru belleýär.

Melburnyň Albert-Parkynda geçirilýän ýaryş 2037-nji ýyla çenli senenamada öz ornuny kepillendirdi. Iýun aýynda şertnama 2035-nji ýyla çenli uzaldylypdy, häzir bolsa ol ýene iki ýyl uzaldyldy.
Bu hem pandemiýa sebäpli 2020-nji we 2021-nji ýyllarda ýatyrylan iki ýaryş üçin tapgyry guraýjylara öwezini dolma boldy.
Bu döwürde Awstraliýa tapgyry dört gezek dünýä çempionatyny açar. Bu Ýakyn Gündogardaky ýaryşlaryň süýşürilmegine getirýän musulmanlaryň Remezan baýramy sebäpli mümkin boldy.
Şeýle-de Awstraliýanyň Gran-prisiniň promouteri Endrýu Uestakottyň 2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň wezipesinden gitjekdigi habar berilýär.
Awstraliýanyň Gran-prisi 1996-njy ýyldan bäri Melburnyň ýaryş ýolunda geçirilýär. Onuň ilkinji ýeňijisi 1996-njy ýylyň dünýä çempiony, britaniýaly Deýmon Hilldir. Häzirki ýeňiji "Ferrariniň" sürüjisi Şarl Leklerdir. 


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....