S.Owganow TSTP-niň Merkezi geňeşiniň başlyklygyna gaýtadan saýlanyldy

  • 16.12.2022 10:23
  • 18k+

15-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdaky IV gurultaýy geçirildi.

Forumyň gün tertibiniň çäklerinde partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň we welaýatlardaky bölümleriniň, derňew toparynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi, guramaçylyk meselelerine garaldy. Gurultaýa gatnaşyjylar Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň, derňew toparynyň täze düzümini saýladylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlyklygyna S.Owganow gaýtadan saýlanyldy. Şeýle hem TSTP-niň Tertipnamasyna hem-de Maksatnamasyna girizilmegi göz öňünde tutulan üýtgetmeler biragyzdan makullanyldy.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň IV gurultaýyna gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge berýän uly ünsi we goldawlary üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.


şu gün 09:38
5.2k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow musulman dünýäsiniň iň mukaddes gijeleriniň biri bolan Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda türkmen halkyna öz gutlag hatyny iberdi. Gutlagyň doly teksti TDH tarapyndan çap edildi...

düýn 10:01
866

Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

13-nji martda Pekin şäherinde şu ýylyň 28–30-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

düýn 00:49
5.3k+

Türkmenistanyň wekillerini Londona — IMO-nyň ştab-kwartirasyna ugradarlar

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň wekiliýetleri 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Londondaky ştab-kwartirasyna guraljak saparlara gatnaşar...

13.03.2026 09:38
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde HZG-niň wekilleri bilen pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi...