“Altyn globus” baýragyna dalaşgärler belli boldy

  • 14.12.2022 16:12
  • 16k+

Jeýms Kemeronyň “Awatar: Suw ýoly”, Jozef Kosinskiniň “Top Gan: Mewerik” we Stiwen Spilbergiň “Fabelmanlar” filmleri “Altyn globus” baýragy üçin “Iň gowy drama filmi” kategoriýasynda dalaşgär boldular. Şeýle-de, bu kategoriýada Todd Fildiň “Tar” we Baz Lurmanyň “Elwis” kartinalary hödürlenýär diýip, interfax.ru habar berýär.

“Iň gowy komediýa filmi” nominasiýasynda baýrak üçin dalaşgärler “Hemme zat hemme ýerde we birbada”, “Wawilon”, “Pyçaga el ýetirmek: Monokl” we “Gussalyk üçburçlugy” filmleri boldy.
“Iň gowy režissýor” nominasiýasynda “Altyn globusa” “Hemme zat hemme ýerde we birbada” filmi üçin Den Kwan we Deniel Şaýnert, Jeýms Kemeron (“Awatar: Suw ýoly”), Baz Lurman (“Elwis”), Martin MakDona (“Inişeriniň banşileri”) we Stiwen Spilberg (“Fabelmanlar”) dalaş edýär.
“Iň gowy drama aktýory” nominasiýasynda dalaşgärler: Ostin Batler (“Elwis”), Hýu Jekman (“Ogul”), Bill Naýi (“Ýaşamak”), Jeremi Poup (“Barlag”), Brendan Freýzer (“Läheň”).
Şular ýaly zenanlar nominasiýasynda dalaşgärler: Keýt Blanşett (“Tar”), Ana de Armas (“Blondin”), Wiola Dewis (“Patyşa zenan”), Oliwiýa Kolman (“Ýagtylyk imperiýasy”), Mişel Uilýams (“Fabelmanlar”).
Mýuziklde/komediýada iň gowy aktýor adyna dalaşgärler: Adam Draýwer (“Ak ses”), Diego Kalwa (“Wawilon”), Deniel Kreýg (“Pyçaga el ýetirmek: Monokl), Reýf Faýns (“Menýu”), Kolin Farrell (“Inişeriniň banşileri”).
“Iň gowy komediýa aktrisasy” nominasiýasynda dalaşgärler: Mişel Ýeo (“Hemme zat hemme ýerde we birbada”), Lesli Menwill (“Hanym Harris Pariže ugraýar”), Margo Robbi (“Wawilon”), Anýa Teýlor-Joý (“Menýu”) we Emma Tompson (“Çagyryş arkaly söýgi”).
“Iň gowy daşary ýurt filmi” nominasiýasynda hödürlenýän dalaşgärler: “Argentina, 1985” (Argentina), “Ýakyn” (Belgiýa), “Günbatar frontda üýtgeşme ýok” (Germaniýa), “Gitmek karary” (Günorta Koreýa), “RRR: golaýda rewolýusiýanyň gohy turýar” (Hindistan).
Drama seriallarynyň arasynda baýrak üçin “Gowusy, Sola jaň ediň”, “Täç”, “Ozark”, “Bölünişik” we “Aždarhanyň öýi” dalaş eder.
“Iň gowy komediýa serialy” nominasiýasynda “Uensdeý”, “Bir binadaky ölüm”, “Aýy”, “Ebbott başlangyç mekdebi” we “Mekirlikler” hödürlenýär.
Mini-serial hökmünde baýraga “Gara guş”, “Damer”, “Ak lotos”, “Pem we Tommi” we “Çykan” dalaş eder.
“Altyn globus” baýragynyň 80-nji gowşurylyş dabarasy 10-njy ýanwarda geçiriler.

şu gün 16:13
534

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
908

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
2.9k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......