Bugatti çäklendirilen möçberde «giperseýfleriň» kolleksiýasyny çykardy

  • 13.12.2022 12:40
  • 9.4k+

Bugatti kompaniýasy kaşaň seýfleriň kolleksiýasyny döretmek üçin Buben&Zorweg nemes lakşeri-manufakturasy bilen birleşdi. Gymmatlyklaryň saklanýan şkaflarynyň dizaýny fransuz markaly giperkarlardan ruhlanypdyr, şonuň üçinem şolary Hyper Safe (Giperseýf) diýip atlandyrypdyrlar. Olaryň sany çäklendirilendir.

Taslamany işläp taýýarlamak üçin bir ýarym ýyl gerek bolupdyr. "Giperseýfiň" ýokarky bölegi 1930-njy ýyllaryň Bugatti Type 57 Atlantic-ini ýatlatmaly, gapdal taraplarynyň her birinde häzirki zaman Şironynyň profilinde C şekilli çyzyklardan ylham alýan dimmiruýlanýan atmosfera ýagtylandyrmasy bar. 
Gapylary juda berk polatdan taýýarlanan we dürli reňklerde hödürlenýän karbon bilen örtülen, Bugatti awtoulaglary babatynda hem şeýle. Adaty däl şekildäki eltutarlaryny ýasamak üçin 3000-den gowrak frezer operasiýalary gerek boldy. Polatdan edile ähli üstleriniň sypjyryklardan goramak üçin LAP (Light-Arch-Protection) örtügi bar.
"Giperseýfiň" üç usulda ýerine ýetirilen görnüşleri bar. Hyper Light - Pearl Beige we Shadow Grey öwüşginli nappa deri, açyk reňkli tutuksy Stone örtügi we gapylar üçin Light super kompozit örtük. Hyper Dark - Mocha Brown & Powder Grey, mis LAP reňklerde we gapylary Dark High-Teçh kömür plastik parawuzly. 
Her model 25 nusgada çykarylar. Bahalary barada heniz hiç zat aýdylanok.

şu gün 10:41
845

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
2.3k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.3k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
10k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......