Türkmenistanyň we Russiýanyň parlamentara toparynyň birinji mejlisi 2023-nji ýylyň aprel aýynda geçer

  • 12.12.2022 11:56
  • 7.1k+

Türkmenistanyň we Russiýanyň parlamentara komissiýasynyň birinji mejlisi 2023-nji ýylyň aprel aýynda Moskwada we Astrahanda geçer. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa geňeşiniň wise-spikeri, Aşgabada iş sapary bilen gelen Konstantin Kosaçýow mälim etdi diýip TASS habar berýär.  

Häzirki wagtda komissiýanyň ygtyýarlyklaryny kesgitleýän reglament, ara alnyp maslahatlaşylmaly meseleleriň topary we ähli guramaçylyk parametrleri  doly ylalaşyldy diýip, Kosaçýow belledi. "Hususanam, biziň komissiýamyzy ýylda iki gezek - gezekli-gezegine Türkmenistanda we Russiýa Federasiýasynda geçirmek barada ylalaşdyk. Bu gatnaşyklaryň yzygiderliliginiň aňrybaş mümkin bolan derejesi" - diýip, rus wise-spikeri düşündirdi. 
Onuň sözlerine görä, komissiýa ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça meseleleri parlament gözegçiligine alýar. "Iki ýurtda-da hereket edýän hukuk-kadalaşdyryjy bazany kämilleşdirmek gerek. Käbir ýagdaýlarda aýratyn hökümetara ylalaşyklary, soňlugy bilen ratifikasiýalaşdyrmak arkaly, taýýarlamak gerek bolmagy mümkin." - diýip, Konstantin Kosaçýow belledi.
Komissiýa 2022-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýokarky palatasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Moskwa sapary wagtynda döredildi. Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň spikeri Walentina Matwiýenko bilen bolan duşuşygyň netijeleri boýunça "Parlamentara komissiýany döretmek hakynda" ylalaşyga gol çekildi.

"Ikinji mejlis geljek ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda we Türkmenbaşyda geçer" - diýip, Federasiýanyň Geňeşiniň wise-spikeri gürrüň berdi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......