Bentley kompaniýasy 85 dollarlyk atyr çykardy

  • 11.12.2022 22:28
  • 24k+

Bentley kompaniýasy şereketiň aksessuarlarynyň hataryny doldurjak Momentun Unbreakable atyryny hödürledi. Onuň hoşboý ysy Şweýsariýanyň we Ispaniýanyň parfýumerçileri, çüýşesi bolsa Bentley-niň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanypdyr. Her çüýşe Bentley awtoulaglarynyň salonlarynda ulanylýan Stone Veneer-iň şol bir meňzeş tehnologiýasy boýunça tebigy daş bilen tapawutlandyrylýar.

"Göwher" bilen taraşlanyp bezelen gönüburçly çüýşe häzirki zaman megapolisiniň dik çyzyklary bilen utgaşmaly. Çüýşäniň öň tarapy "daş şponundan" taýýarlanylýar. Ony Bentley Hindistanda gazylyp alynýan kwarsit slanesinden taýýarlaýar.
Daşyň teňňelerini uly böleklerinden bölüp alýarlar we ýörite smolanyň kömegi bilen gatadýarlar. Soň olardan, awtoulagyň üst gatlagyny bezär ýaly, polotno ýasaýarlar. 
Atyr bilen bagly ýagdaýda aýdylanda bolsa polotnony mata ýabşyryp, ony çüýşäniň ýüzüne ýelmeýärler. Polotnonyň şeýle görnüşde taýýarlanan her bir böleginiň gaýtalap bolmajak täsin gurluşy bar. Şonuň bilen birlikde her bir çüýşe hem täsin görnüşe eýe bolýar.   
Bentley-iň beýan edişine görä, atyryň özi häzirki zaman şäher awantýuristlerine niýetlenendir. Onuň hoşboý ysynda benewşäniň we sitrus miweleriniň, lawandanyň, süýji buýanyň, miwe kişdeleriniň we gurygülüň äheňjikleri bar.
Momentum Unbreakable-iň 100 millilitrlik çüýşesini eýýämden 69,5 funta (85 dollar töwerek) satyn almak bolýar. 

şu gün 16:13
534

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
908

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
2.9k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......