Serdar Berdimuhamedow 308 adamyň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi

  • 10.12.2022 01:08
  • 28k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş kesilen 308 raýatymyzyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada anna güni «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

9-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. 
Serdar Berdimuhamedow B.Gündogdyýewe ýüzlenip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany günäsi geçilen adamlara bolsa, yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....