Luis de la Fuenta Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň täze baş tälimçisi boldy

  • 08.12.2022 18:44
  • 9.8k+

Luis de la Fuenta Ispaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň täze baş tälimçisi boldy. Bu barada penşenbe güni Patyşalyk ispan futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

De la Fuenta bu wezipede Luis Enrikeniň ornuna geçdi, onuň wezipeden boşadylandygy hem penşenbe güni belli boldy. Enrikeniň ýolbaşçylygynda Ispaniýa Katarda dowam edýän dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Marokkodan ýeňildi (0:0, 0:3 – 11 metrlik urgularda). Milli ýygyndynyň baş tälimçisi hökmünde de la Fuenta 12-nji dekabrda tanyşdyrylar.
De la Fuenta 61 ýaşynda, ol Ispaniýanyň ýaşlar ýygyndysyna (21 ýaşa çenli) tälimçilik edýärdi. Öň, ol has kiçi ýaşlaryň ýygyndysyna tälim berýärdi. 2015-nji ýylda de la Fuenta Ispaniýanyň ýygyndysyny 19 ýaşdan uly bolmadyk oýunçylaryň arasynda Ýewropa çempionatynda, 2019-njy ýylda bolsa 21 ýaşdan uly bolmadyklaryň arasynda ýewropa birinjiliginde ýeňşe getirdi. Şeýle hem Ispaniýanyň ýygyndysy onuň ýolbaşçylygynda Tokiodaky Olimpiadanyň kümüş medalçysy boldy.


şu gün 10:04
2k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

düýn 23:30
5.4k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 14:15
6.6k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

14.06.2026 15:15
11k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......