Toyota Corolla Cross-a wodorodda işleýän içinden ýandyrylýan hereketlendiriji oturdyldy

  • 08.12.2022 16:48
  • 15k+

Toyota kompaniýasy Corolla Cross wsedorožniginiň täze modifikasiýasy bilen tanyşdyrdy. Adaty däl täze ulag konsept hökmünde ilkinji gezek çykdy, ýöne öndüriji tiz wagtdan prototipi Ýaponiýanyň demirgazygyndaky sowuklarda synag edip başlarlar diýip nygtaýar. Jikme-jik tehniki häsiýetnamalary heniz köpçülige aýan edilenok.

Resmi suratyna garap baha berseň, Corolla Cross H2-niň daş görnüşi standart krossowerden, tematiki liwreýi we biraz ösen nakladkalary diýäýmeseň, hiç hili tapawutlanmaýar.
Konsepti GR Corolla hot-hetçiň 1,6 litrlik «turboüçlügini» Toyota Mirai-niň wodorod saklaýyş tehnologiýasy bilen utgaşyklylykda enjamlaşdyrandyklary mälim. Wsedorožnik öňküsi ýaly, bäş ýolagçyny we ýük äkitmäge ukyply diýip tassyklanýar.
Ähli aýdylanlardan çen tutsaň, krossowerdäki wodorod bilen işleýän hereketlendiriji Toyota-nyň şu möwsümiň dowamynda ýaryş ulaglarynda synag edip gören hereketlendirijisi ýaly. Resmi maglumatlara görä, kompaniýa synaglaryň dowamynda motoryň kuwwatyny artdyrmakda 24 göterim ösüşi  gazanmagy hem-de çekiji görkezijilerini 33% artdyrmagy başardy. Şeýle ulaglaryň ýöreýiş ätiýajy synag wagtynda 30% köpeldi, zaprawka gidýän wagty bolsa bäş minutdan bir ýarym minuda çenli azaldy.


21.06.2026 21:15
4.6k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....