Hindistanda ilkinji altyn satýan bankomat işläp başlady

  • 07.12.2022 14:48
  • 26k+

Kredit ýa-da debet plastik kartlaryndan pula altyn teňňeleri satyn almaga mümkinçilik berýän bankomat Hindistanyň Haýdarabat şäherinde (Telengana ştaty) müşderilere hyzmat edip başlady. Bu barada bigasia.ru belleýär. “Ekonomik taýms” gazetiniň ýazmagyna görä, bu diňe bir Hindistanda däl, eýsem dünýäde hakyky wagtda işleýän ilkinji awtomatdyr.

Enjam bu gurluşyň üsti bilen altyn satmagyň innowasion tehnologiýasyny işläp düzen Goldsikka Pvt Ltd hususy kompaniýasy tarapyndan çykaryldy. Bankomat özüne 24 karat altyndan ybarat 5 kg teňňäni sygdyrýar, ol teňňeleri sekiz opsiýada – 0,5 gramdan 100 grama çenli satyn almaga mümkinçilik berýär. Bankomatyň möhüm aýratynlygy ekranda görkezilýän altynyň bahasynyň London biržasynda bu gymmat bahaly metal üçin bahalaryň üýtgemegine laýyklykda hakyky wagtda täzelenip durmagydyr.
Bankomat döwülmelerden ygtybarly gorag ulgamyna eýe. Ol içinde gurnalan wideokamera, ses signaly bilen üpjün edilen we polisiýa bilen aragatnaşyk liniýasy bar.
Goldsikka-nyň wekilleriniň belleýşi ýaly, enjam isleg bildirýänleriň ählisine banklara ýa-da altyn-kümüş dükanlaryna barmazdan, maliýe ýitgilerinden gaçyp altyna maýa goýmak üçin gowy mümkinçilik döredýär.
Ilkinji iş gününde innowasion bankomat 20 müşderä hyzmat etdi. Goldsikka Hindistanda şeýle bankomatlaryň üç müňüsini gurnamagy we öz önümi bilen dünýä bazaryna çykmagy meýilleşdirýär.


18.06.2026 22:08
2.9k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....