Samsung smartfonlar üçin täze gorag usulyny oýlap tapdy

  • 07.12.2022 14:42
  • 14k+

Samsung kompaniýasy döwmek mümkin däl diýen ýaly smartfonlar üçin barmaklaryň yzyny skanerleýjiniň peýda boljakdygyny anons etdi. Bu barada SamMobile neşiri habar berýär diýip, lenta.ru belleýär.

Žurnalistler korporasiýanyň smartfonlarda maglumatlary goramak boýunça täze tehnologiýany oýlap tapandygyny görkezýän materiallaryna salgylandylar. Inženerler telefonyň belli bir funksiýalaryny blokdan açanyňda ulanyjynyň bir däl-de, üç barmagyny skanerlemegi teklip etdiler.
Samsung Display-iň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, skanerlemede üç barmagyň bir wagtyň özünde ulanylmagy smartfony 2,5 mlrd esse ygtybarly edýär. Sarp edijiniň her barmakdan maglumatlary aýratynlykda girizmezligi üçin Samsung tutuş ýüzi skanerleýji giňişlik hökmünde çykyş edýän täze nesliň OLED displeýini oýlap tapdy. Şeýlelik bilen, sarp ediji eliniň üç barmagyny ekranyň islendik ýerine goýup biler.
Görnüşi ýaly, üç barmagyň kömegi bilen autentifikasiýa ulgamy sarp edijileriň gizlin maglumatlary bilen gatnaşykda ulanylar – mysal üçin, maliýe programmalary bilen işlenende. Samsung täze tehnologiýanyň brendiň smartfonlarynda haçan peýda boljakdygyny anyklaşdyrmady.


şu gün 12:35
1.3k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

şu gün 08:32
2.4k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

düýn 23:56
1.9k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......