Awstraliýada dünýäde iň uly radioteleskop gurlup başlandy

  • 07.12.2022 14:42
  • 5.1k+

Awstraliýada dünýädäki iň uly radioteleskop SKA üçin antennalar gurlup başlandy. GAR-da hem bu taslamanyň çäklerinde işler dowam etdirilýär diýip, BBC ýaýlym korporasiýasy habar berdi. Muny regnum.ru ýetirýär.

Gurluşyk işleri Günbatar Awstraliýadaky Merçison graflygynda we Günorta Afrika Respublikasynyň Demirgazyk-Kap welaýatyndaky Karu sebitinde başlandy. 2024-nji ýyla çenli Awstraliýadaky dört antenna we GAR-daky alty antenna stansiýasy esasy teleskopy emele getirer, soňra antennalar ulgamy giňeldiler diýlip çaklanylýar.
SKA radioteleskopyny 2028-nji ýylda doly işe girizmek meýilleşdirilýär. Halkara Square Kilometer Array (SKA) taslamasy inedördül kilometr meýdanly ägirt wirtual antennany döretmegi göz öňünde tutýar. Munuň üçin üç müň aýratyn antenna gurlar.
Taslamanyň ideýasy heniz 1990-njy ýyllaryň başynda peýda boldy, 2012-nji ýylda bolsa ol gutarnykly tassyklandy. Alymlar SKA Älemiň gelip çykyşy we ewolýusiýasy baradaky astrofizikanyň esasy soraglaryny çözmäge kömek eder diýip pikir edýärler.


26.01.2026 22:13
3.6k+

Awstraliýanyň gadymy kengurulary 250 kg agrama garamazdan böküp bilipdirler

Alymlar mundan 13–30 müň ýyl ozal Awstraliýada ýaşan äpet kengurularyň 250 kilograma ýetýän agramyna garamazdan, böküp bilendiklerini anykladylar. Deňeşdirmek üçin aýtsak, häzirki döwrüň iň uly gyzyl kengurularynyň agramy 90 kilogramdan geçmeýär...

16.01.2026 15:17
5.6k+

Ýeriň iň gadymy derýasy tapyldy: ol dinozawrlar döwründen hem öň akypdyr

Alymlar Ýeriň iň gadymy derýasyny tapdylar. Live Science žurnalynyň maglumatyna görä, ol Awstraliýadaky Finke derýasy bolup çykdy. Arizona uniwersitetiniň geomorfology Wiktor Beýker bu derýa ulgamynyň ýaşynyň 300 bilen 400 million ýyl aralygyndadygyny, munuň bolsa onuň dinozawrlardan hem gadymydygyny aňladýandygyny aýdýar...

18.12.2025 13:23
6.4k+

Dünýäde iň uly elektrik gämisi Tasmaniýada ilkinji synaglardan üstünlikli geçdi

Awstraliýanyň Incat Tasmania gämi gurluşyk kompaniýasy tarapyndan gurlan we doly elektrik energiýasy bilen işleýän dünýäde iň uly gämi Tasmaniýanyň Hobart şäherinde ilkinji suw synaglaryny üstünlikli tamamlady...

21.11.2025 23:19
7.9k+

Awstraliýada 55 mln ýyl ozal ýaşan krokodilleriň ýumurtgalarynyň bölekleri tapyldy

Awstraliýanyň gündogaryndaky Murgon şäherinde krokodilleriň ýitip giden toparynyň ýumurtgalarynyň ýurtda iň gadymy bölekleri tapyldy. Tapyndy alymlara bu haýwanlara we olaryň ýaşaýyş gurşawyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer diýip, Täze Günorta Uels uniwersiteti habar berýär...