DÇ - 2022: Marokko. Arap dünýäsiniň taryhynda ilkinji gezek

  • 07.12.2022 14:15
  • 18k+

Katarda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionaty garaşylmadyk netijeleri bilen haýran galdyrmagyny dowam edýär. Marokkanyň ýygyndy toparynyň Ispaniýanyň milli ýygyndysyndan üstün çykyp, çärýek final oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmagy hem munuň bir mysaly. Ylaýta-da, bu ýarym milliarda golaý ilaty özünde jemleýän ähli arap dünýäsi üçin hem garaşylýan, hem garaşylmadyk bir sowgat boldy. Sebäbi, Marokko futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň taryhynda çärýek finala çykmagy başaran ilkinji arap döwletidir.

Afrika ýurtlarynyň arasynda hem bu derejä ýetip bilen dördünji döwlet bolup durýar. Çünki mundan öň şeýle üstünlikler Kamerun, Senegal we Gana ýaly döwletlere nesip edipdi. Mundan öň Marokko 1986-njy ýyldaky dünýä çempionatynda 1/8 finala çykmagy başarypdy.
Oýnuň birinji ýarymynda taraplaryň hiç biri-de meýdançada işjeňlik görkezmedi. Ispaniýanyň uzak wagtlap topy özünde saklandygyna garamazdan hasaby açmak başartmady. Oýnuň ikinji ýarymynda marokkalylar goranyşa geçdi, ispaniýalylar bolsa aldygyna amatyny peýläp, öňe okdurylmaga çalyşsalar-da, hasaby üýtgedip bilmediler. Goşmaça wagtda hem meýdançada ispaniýalylaryň agalygy mese-mälim duýuldy. Her iki tarapa hasaby açmaga mümkinçiliklerem bolman durmady, emma oýnuň esasy we goşmaça wagtlarynda hem hasap üýtgemänsoň, 11 metrlik urgulara geçildi. Bu ýerde şowlulyk marokkalylaryň tarapynda boldy. Marokkanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Ýasin Bunu iki urgyny serpikdirmegi başardy, bir urgy bolsa derwezäniň sütünine degip, yzyna gaýtdy. Marokkaly oýunçylaryň dördüsinden üçüsiniň dürs urgusy, olaryň ispan toparyny 3:0 hasabynda utmagyna getirdi. Netijede, Marokkanyň milli ýygyndysy futbol çempionatlarynyň taryhynda çärýek finalda oýnamaga hukuk gazanan ilkinji arap döwleti bolmagy başardy.


şu gün 09:11
317

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3.1k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.3k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......