Oksford sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni saýlady

  • 06.12.2022 23:30
  • 6.4k+

Oksford sözlügi goblin mode (“goblin režimi”) aňlatmasyny ýylyň sözi diýip atlandyrdy. Bu barada Oksford uniwersitetiniň neşirýatynyň metbugat gullugy habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Goblin režimi” aňlatmasy “ýaltalyk, sölpülik we açgözlük bilen häsiýetlendirilýän, jemgyýetçilik kadalaryny ret edýän özüňi alyp barşyň adatdan daşary egoistik modelini” aňladýar. Ilkinji gezek jümle 2009-njy ýylda “Twitterde” ulanyldy, ýöne 2022-nji ýylyň fewral aýynda gazetdir žurnallaryň sözbaşylaryny eýeläp, giň köpçülige ýaýrady. Bu adalganyň ýaýramagyna ýurtlaryň hökümetleri tarapyndan COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeleriň ýatyrylmagy ýardam etdi.

“Ähtimal, aňlatmanyň giňden ýaýramagy “kadaly durmuşa” gaýdyp gelmek pikirini ret edýän ýa-da sosial ulgamlarda görkezilýän barha ýetip bolmajak estetik ülňülere we ýaşaýyş durmuşyna garşy çykýan adamlara mahsus bolan ýagdaýy görkezýär” – diýlip, habarda bellenilýär.

Oksford sözlügi ilkinji gezek ýylyň sözüni onlaýn görnüşde geçirilen jemgyýetçilik ses berişliginiň netijesi esasynda saýlady. Pikir soraşma 300 müňden gowrak adam gatnaşdy. Ikinji orny “metaverse” sözi eýeledi, üçünji orunda #IStandWith heştegi ýerleşdi.

şu gün 21:09
141

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

şu gün 16:13
2.2k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
1.2k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
3.7k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......