Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

  • 06.12.2022 09:05
  • 13k+

Häzirki wagtda Türkmenistan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýäris diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen 5-nji dekabrda geçiren duşuşygynyň barşynda belledi.

Işewürleriň arasynda söwda, maýa goýum we beýleki ugurlarda özara hereketleriň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berip, häzirki wagtda biz Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýäris diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Duşuşygyň çäklerinde işewürler geňeşiniň agzalary bolan, türkmen bazarynda strategik taýdan ähmiýetli ugurlarda üstünlikli işläp gelýän iri amerikan kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge çemeleşmeler beýan edildi. Myhmanyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda amala aşyrylýan täze taslamalara gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalaryň sany yzygiderli artýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklap, «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory hökmünde alyp barýan netijeli işleri üçin Erik Stýuarta minnetdarlyk bildirdi.


şu gün 22:09
136

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

şu gün 18:14
412

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

şu gün 12:31
3.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
550

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......