Aşgabatda işlän Natalýa German BMG-niň düzüminde başga bir ýolbaşçy wezipä bellenildi

  • 05.12.2022 18:17
  • 14k+

BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili hem-de ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German BMG-niň Kontrterrorçylyk komitetiniň ýerine ýetiriji direktoratynyň ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenildi. Bu barada guramanyň resmi Twitter sahypasynda habar berildi.

«Birleşen Milletler Guramasynyň Baş direktory Antoniu Guterriş Natalýa Germanyň (Moldowa Respublikasy) Howpsuzlyk Geňeşiniň razylygy bilen KTKÝÝD-niň ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenendigini tassyklady» - diýlip habarda aýdylýar.

German bu wezipede Belgiýadan Mişel Koninksiň ýerine geçer.
Natalýa German — Moldowanyň ilkinji prezidenti Mirça Sneguranyň gyzy, 2013-2016-njy ýyllarda ýurduň daşary işler we ýewropa integrasiýasy ministrliginiň ýolbaşçysy boldy.
2016-njy ýylyň fewralynda German Hökümet tarapyndan BMG-niň Baş sekretarlygyna hödürlenildi, ol altynjy dalaşgär boldy. Emma ses berlişigiň netijeleri boýunça Portugaliýanyň öňki premýer-ministri Antoniu Guterriş bu wezipäni eýeledi.
2017-nji ýyldan häzirki wagta çenli German BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipelerini eýeläp gelýärdi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......