2022-nji ýylyň jemleri boýunça dünýäniň iň gymmat ýaşaýyşly şäherleri belli edildi

  • 05.12.2022 14:03
  • 30k+

Geçip barýan 2022-nji ýylyň jemleri boýunça Nýu-Ýork bilen Singapur dünýäniň iň gymmat ýaşaýyşly şäherleri boldy. Bu barada Economist Intelligence Unit kompaniýasynyň barlagynda aýdylýar.

Ikinji ýerde Tel-Awiw, üçünji ýerde bolsa Gonkong durýar. Şeýle-de birinji onluga Los-Anjeles, Sýurih, Ženewa, San-Fransisko, Pariž, Kopengagen we Sidneý girdi. Şäherleriň onlugynyň yzyndan gelýän sanawda, hususanam, Almaty we Daşkent bar. Soňky, 172-nji ýeri Damask eýeledi.
EIU-nyň maglumatlaryna görä, dünýäniň iri şäherlerinde bir ýylyň içinde bahalar ortaça 8,1% galdy, bu soňky ýigrimi ýylyň içinde iň ýokary görkeziji hasaplanýar. Günbatar Ýewropanyň şäherlerinde gazyň we elektroenergiýanyň bahasy ýerli pul bilen hasaplanyňda ortaça 29% ýokarlandy. Şeýle-de,tutuş dünýä ýüzünde benziniň bahasy örän çalt ýokarlanyp, 22% gymmatlady diýip, bellenýär.


18.05.2026 15:03
9.4k+

Git, gör, gir: dünýäniň iň üýtgeşik howuzlary syýahata çagyrýar

Öňler howuzlara diňe dynç alyş ýeri hökmünde garalan bolsa, bu gün olar täsin hem ýatdagalyjy şekildäki binalara öwrülmek derejesine baryp ýetdiler. Syýahatçylar şeýle howuzlar sebäpli öz ýollaryny......

16.05.2026 13:25
5.4k+

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Sietlde suwda ýüzýän fan-zona açylar

Sietlde 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 6-njy iýulyna çenli futbol boýunça dünýä çempionatynyň suwda ýüzýän fan-zonasy hereket eder. «Seattle Soccer Celebration» atly bu taslama Elliott aýlagynyň suwunda,......

26.01.2026 13:11
2k+

Southwest Airlines ABŞ-nyň iň gowy awiakompaniýalarynyň reýtinginde birinji boldy

«The Wall Street Journal» amerikan gazeti ABŞ-nyň iň uly awiakompaniýalarynyň ýyllyk reýtingini hödürläp, dokuz awiagatnadyjynyň iş görkezijilerine baha berdi. Ýylyň jemi boýunça ýolagçy sany nukdaýnazaryndan ýurduň iň uly içerki awiakompaniýasy bolan Southwest Airlines öňdebaryjy hökmünde saýlandy...

19.12.2025 17:21
15k+

ABŞ grin-kart utuş maksatnamasyny dolulygyna togtadýandygyny yglan etdi

ABŞ-nyň hökümeti raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen immigrasiýa wizalaryny (DV1) utuş maksatnamasyny gyssagly ýagdaýda togtatmak barada çözgüt kabul etdi. Donald Trampyň degişli buýrugy barada ýurduň içerki howpsuzlyk ministri Kristi Noem habar berdi...