Messi «Oýnuň iň gowy oýunçysy» baýragynyň sany boýunça dünýä çempionatlarynyň rekordyny goýdy

  • 05.12.2022 13:53
  • 21k+

3-nji dekabrda dünýä çempionatynyň 1/8 finalynyň oýny bolup, onda Argentina bilen Awstraliýanyň milli ýygyndylary oýnady. Toparlar Er-Raýýan şäherindäki “Ahmed bin Ali” stadionynda duşuşdylar. Baş emin Şimon Marsinýak Argentina toparynyň 2:1 hasabynda ýeňşini hasaba aldy. Bu barada championat.com belleýär.

Oýnuň iň gowy oýunçysy ýeňijileriň oýnuň dowamynda gol bilen tapawutlanan hüjümçisi Lionel Messi boldy. Bu baýrak argentinalynyň karýerasynda sekizinji baýrakdyr. Mundan öň ol ýedi gezek dünýä çempionatlarynyň aýratyn duşuşyklarynyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Şeýlelik bilen, Messi bu baýragyň sany boýunça rekord goýdy. Dünýä çempionatlarynyň taryhynda hiç kim sekiz sany MVP heýkelini almandy diýip, Squawka habar berýär.
Ýatlap geçsek, argentinaly oýunçynyň hasabynda häzirki dünýä çempionatynyň dört oýnunda üç gol we bir netijeli geçirim bar. Ýaryşyň 1/4 finalynda Argentinanyň milli ýygyndysy Niderlandlaryň milli ýygyndysy bilen duşuşar.


düýn 13:03
12k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
9.5k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
6.3k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

16.06.2026 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....