Kataryň iň uly binasynda Peläniň gutulmagyny arzuw etdiler

  • 04.12.2022 22:42
  • 19k+

Futbol boýunça üç gezek dünýä çempiony braziliýaly Pele üçin saglyk dileýän arzuw Kataryň beýikligi 300 metr bolan Aspire Tower binasyna çykaryldy. Bu barada TASS habar berýär.

Binada “Pele, tizräk  aýag gal!” diýlen ýazgy şekillendirildi.

Belläp geçsek, anna güni Pele hassahanadadygyny aýtdy. Soňrak Reýter agentligi San-Pauludaky Albert Eýnşteýn hassahanasyndan lukmanyň Peläniň saglyk ýagdaýy baradaky netijesine salgylanyp, braziliýalyda respirator ýokanjynyň ýüze çykarylandygyny, ýöne onuň ýagdaýynyň durnuklydygyny habar berdi. Şenbe güni “Folha de Sao Paulo” gazeti Pelä içegede çişiň ýüze çykarylandan bäri alýan himioterapiýa bejergisiniň kömek etmeýändigini habar berdi. Gazet üç gezek dünýä çempionynyň palliatiw bejergi alýandygyny, sebäbi organizmiň himioterapiýa reaksiýa bermegini bes edendigini belleýär. Palliatiw bejergi agyryny we demgysmany aýyrmaga kömek edýär.


düýn 23:07
5.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
4.1k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.9k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.9k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....