Merriam-Webster amerikan sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni yglan etdi

  • 02.12.2022 23:42
  • 4.2k+

Amerikanyň Merriam-Webster sözlügi 2022-nji ýylyň sözüni aýtdy.

Ol «gazlaýting» sözüdir. Bu — psihologik manipulýasiýalar diýmekdir, oňa sezewar edilen adam özüniň hakykaty kabul edişiniň adekwatlygyna ikirjiňlenip ugraýar.
Saýtyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda gazlaýting barada soraýanlar 1 740% artdy, söze ýokary gyzyklanma bolsa tutuş ýylyň dowamynda saklandy.

«Biziň maglumatlar bulaşdyrylýan — «feýk täzelikler», dildüwşük teoriýasy, Twitterdäki trolliler we dipfeýk ulanylýan döwrümizde gazlaýting döwrüň sözüne öwrüldi» — diýip, sözlügiň saýtyndaky habarda aýdylýar.

Adalga 1938-nji ýylda çykan pýessadan we onuň esasynda düşürilen filmden gelip çykýar: sýužete görä, adamsy aýalyna onuň akylyndan azaşjak bolýandygyny mejbur edip ynandyrmaga synanyşýar.
Onuň geň hereketleri sebäpli üçekdäki gaz çyrasy (gas lights) öýde öçügsireýär, ýöne adamsy aýalyny ýagtylyk öçügsiränok diýip ynandyrýar we aýaly öz duýgularyna ynanyp bilenok.

şu gün 21:09
141

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

şu gün 16:13
2.2k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
1.2k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
3.8k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......