Financial Times 2022-nji ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny çykardy

  • 02.12.2022 16:38
  • 19k+

«Nesliň sesi» adyny alan amerikaly aýdymçy Billi Aýliş, britan şazadasy Garriniň ýanýoldaşy gersoginiýa Sassekskly Megan Markl, şeýle hem sport karýerasyny tamamlan tennisçi Serena Uilýams penşenbe güni Financial Times gazetinde çap edilen ýylyň 25 sany abraýly zenanlarynyň sanawyna düşdüler.

Reýtinge hatda ABŞ-nyň Ýokary kazyýetiniň kazysy, agzalan wezipede afroamerikan gelip çykyşly ilkinji zenan Ketanži Braun Jekson, Yves Saint Laurent modalar öýüniň direktory Françeska Bellettini, Citigroup bankynyň ýolbaşçysy Jeýn Freýzer, Finlýandiýanyň premýer-ministri Sanna Marin, Kolumbiýanyň wise-prezidenti Fransiýa Markes we Pakistanyň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ministri Şerri Rehman dagy hem girdiler.  
Ondan hem başga, sanawa Barbadosyň premýer-ministri Mia Mottli, Britaniýanyň Aviva ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň ýolbaşçysy Amanda Blank, Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezosyň öňki ýanýoldaşy filantrop Makkenzi Skott, Angliýanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi, topar bilen Ýewropanyň çempionatynda ýeňiji bolan Sarina Wigman,  "Hemme zat hemme ýerde we bir gezekde" (Everything Everywhere All at Once, 2021 vyl) filminde baş keşbi ýerine ýetiren malaýziýaly aktrisa Mişel Ýeo, edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi fransuz zenany Anni Erno dagy hem girizildi.  
Sanawa, şonuň ýaly-da, Ukrainanyň Raýat azatlygy merkeziniň (RAM) müdirliginiň başlygy Aleksandra Matwiýçuk: RAM-i belorus aklawjysy we aktiwisti Ales Belýaski  we Russiýanyň "Memorial" merkezi bilen bilelikde oktýabr aýynda dünýäniň Nobel baýragy bilen sylaglandy. 
Şeýle-de, FT has abraýly zenanlaryň hatarynda ABŞ-yň iň iri dermanhanalar tory degişi bolup durýan CVS Health riteýleriniň ýolbaşçysy Karen Linçiň, amerikan ýazyjysy Jeýms Fiore Higginsiň, aýallaryň çaga düşürtmek hukugyny gorap çykyş edýän niderland aktiwistkasy Rebekku Gompertsiň atlaryny agzady. 

şu gün 16:13
684

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
908

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
2.9k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.9k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......