Xiaomi 13 smartfonunyň ilkinji görkeziljek senesi belli boldy

  • 30.11.2022 16:00
  • 8.2k+

Xiaomi kompaniýasy flagman smartfonunyň 13-nji seriýasy bilen 2022-nji ýylyň 1-nji dekabrynda tanyşdyrar. Hytaýlylar telefondan başga-da, birgiden täze çykaran zatlary bilen hem tanyşdyrarlar, şol sanda «akylly» sagatlaryny we simsiz gulaklyklaryny hödürlärler diýip, Gizmochina habar berýär.

Flagman Xiaomi 13 we Xiaomi 13 Pro smartfonlary hakynda häzirlikçe diňe olaryň noýabryň ortalaryna tanyşdyrylan Qualcomm-yň täze Snapdragon 8 Gen 2 prosessoryna eýe boljakdygy mälim. Deslapky maglumatlara görä, modeliň 2K razreşeniýeli 6,2 dýumlyk ekrany we barmak yzynyň ultrasesli skaneri bolar.
Çak bilen, Xiaomi 13 we Xiaomi 13 Pro hytaý brendiniň Android operasion ulgamy üçin MIUI 14 şereket proşiwkasyny aljak ilkinji gurluşlary bolarlar. Hiç hili mahabatyň bolmazlygy onuň daş örtüginiň aýratynlygydyr.
Täze smartfondan we proşiwkadan hem başga, 1-nji dekabrda Xiaomi täze simsiz Buds 4 gulaklyklaryny we Xiaomi Watch S2 «akylly» sagatlaryny hem görkezer.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...