«Ýuwentusyň» ýolbaşçylary doly düzümde wezipesinden aýryldy

  • 30.11.2022 13:23
  • 10k+

Turiniň «Ýuwentusynyň» ýolbaşçylary doly düzümde ygtyýarlyklaryny goýup, wezipesinden gitmegi karar etdiler. Bu barada La Gazzetta dello Sport habar berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, bu karar edaranyň nobatdan daşary mejlisinde kabul edildi. Öz wezipesinden prezident Andrea Anýelli, wise-prezident Pawel Nedwed, baş direktor Maurisio Arriwabene we edaranyň ýene ýedi sany agzasy gitdi. Şeýle karara gelinmeginiň sebäbi hasabat bozulmalary we onuň netijesinde býujeti tassyklamakdaky kynçylyklar bilen bagly faktlaryň derňelmegi bolup durýar.
Anýelliniň 2010-njy ýyldan bäri kluba ýolbaşçylyk edýändigini bellemek gerek. Onuň başlangyjy bilen Turiniň topary  dokuz gezek  A Seriýasyny utdy.
Häzirki pursatda "garry sinýora" geçen möwsümiň jemleri boýunça 254,3 mln ýewro möçberinde rekord zyýan çekýändigi bellige alyndy we şonuň bilen bagly paýdarlaryň ýygnagyny geçirmek bellendi. Ol 23-nji noýabrda geçirilmelidi, ýöne geçen hepde ony has gijiräk möhlete - 27-nji dekabra süýşürdiler.  


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......