Ýer ýüzüniň alymlary goşmaça sekuntdan ýüz öwürmegi karar etdiler

  • 29.11.2022 13:16
  • 12k+

Ýer ýüzüniň ähli hronometrçileri 2035-nji ýyla çenli goşmaça sekuntdan ýüz öwürmek üçin ses berdiler. Ol ýarym asyrdan bäri her ýyl goşulyp gelinýär, bu bolsa mydama düzediş girizilip durulmaly bolýan programmalar we ulgamlar üçin kynçylyk döredýär diýip, Phys.org portalynda habar berilýär.

Bütindünýä koordinirlenen wagta (UTC) Halkara ölçegler we agramlar býurosy jogap berýär. Ol halkara derejesinde ylalaşylan standarta gözegçilik edýär. Dünýä wagty şol standarta görä kesgitlenýär.
Edil doly ýyllaryňky ýaly, soňky 50 ýylyň dowamynda sagada, takyk atom wagty bilen Ýeriň has haýal aýlanmagynyň arasyndaky tapawudyň öwezini  dolmak üçin, yzygiderli ýagdaýda goşmaça sekunt goşulyp gelinýärdi.  1972-nji ýyldan başlap, dünýä wagtyna dürli döwürlerde 27 sekunt goşuldy. Soňky gezek bu 2016-njy ýylda goşuldy.
Adamlaryň aglaba köpçüligi üçin goşmaça sekuntlaryň bary-ýogy bildirmeýär, ýöne käbir ulgamlar takyk yzygider wagt akymyny talap edýär, mysal üçin, hemra nawigasiýasy, programma üpjünçiligi, telekommunikasiýa, biržalar, kosmiki uçuşlar.  
Kabul edilen teklibe laýyklykda, goşmaça sekuntlar häzirlikçe öňküsi ýaly goşular. Ýöne 2035-nji ýyla çenli atom we astronomiki wagtyň arasyndaky aratapawut üýtgediler. Munuň nähili tertipde ediljegi heniz çözülenok - öňde ýurtlar bu barada ylalaşyga gelmeli. 


şu gün 10:53
1.5k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
3.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....