Dünýä çempionaty — 2022-niň 5-nji oýun gününiň netijeleri

  • 25.11.2022 08:58
  • 12308
Dünýä çempionaty — 2022-niň 5-nji oýun gününiň netijeleri

Dünýä çempionaty — 2022-niň 5-nji oýun güni tamamlandy. 24-nji noýabrda Katarda toparlaýyn tapgyryň 1-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary geçirildi.

G topar
Wakra, «El-Janub» stadiony
Şweýsariýa – Kamerun – 1:0 (0:0)
Gol: 1:0 – Embolo (48).

Lusail, Milli stadion
Braziliýa – Serbiýa – 2:0 (0:0)
Gollar: 1:0 – Rişarlison (62), 2:0 – Rişarlison (73).

H topar
Er-Raýan, «Eýdukeýşn siti» stadiony»
Urugwaý – Günorta Koreýa – 0:0 (0:0)

Doha, «974» stadiony
Portugaliýa – Gana – 3:2 (0:0)
Gollar: 1:0 – Ronaldu (65, pen.), 1:1 – Aýu (73), 2:1 – Feliks (78), 3:1 – Leau (80), 3:2 – Bukari (89).

Şu gün, 25-nji noýabrda toparlaýyn tapgyryň 2-nji oýunlary başlanýar. Şu duşuşyklar geçiriler:

Toparlar Sene, wagty Duşuşyklar
B topar 25.11.2022  15:00 Uels - Eýran
A topar 25.11.2022  18:00 Katar - Senegal
A topar 25.11.2022  21:00 Niderlandlar - Ekwador
B topar 25.11.2022  00:00 Angliýa - ABŞ

düýn 23:04
4072

«Çelsi» Premýer-liganyň taryhynda iň gymmat transferi amala aşyrdy

Lissabonyň  «Benfikasynyň» we Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Enso Fernandes resmi taýdan Londonyň «Çelsi» toparynyň futbolçysy boldy.  Bu barada Portugaliýanyň Gymmatly kagyzlar bazary boýunça...

30.01.2023 18:16
17814

«Barselona» bilen «Real» Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym finalynda duşuşarlar

Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym final tapgyrynda Madridiň «Realy» bilen «Barselona» duşuşar. Klublaryň arasynda birinji oýun 1-nji ýa-da 2-nji martda «Santýago Bernabeo» stadionynda geçiriler, jogap duşuşygy 4,5 ýa...

29.01.2023 22:42
7280

«Barselona» Gawi we Arauho bilen şertnamalaryny uzaltdy

«Barselonanyň» direktory Mateu Alemani Gawi we Ronald Arauho bilen şertnamalarynyň uzaldylýandygyny habar berdi diýip,  «Matç» habar berýär. "Gawi we Arauho öz şertnamalaryny bireýýäm uzaltdylar. Oýunçylar üç möwsüme...

27.01.2023 01:53
9809

2023-nji ýyldaky UEFA-nyň Super kubogy ugrundaky oýun Kazandan Afina geçirildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) 2023-nji ýylda geçiriljek UEFA-nyň Super Kubogy ugrundaky oýny Kazandan Afina geçirdi. Bu barada UEFA-nyň metbugat gullugy habar berdi diýip, TASS belleýär...