Oksford sözlügi ilkinji gezek ýylyň sözüni ses bermek esasynda saýlar

  • 24.11.2022 17:48
  • 4k+

Iňlis diliniň Oksford sözlügi jemgyýetçilik ses berlişigi arkaly üç sözüň arasyndan ýylyň sözüni saýlar. Bu baradaky habar Oksford uniwersitetiniň Oxford Languages neşirýat bölüminiň saýtynda ýerleşdirilipdir.

«Biz ýylyň sözüni saýlamaklygyň soňky tapgyryny diliň hakyky araçylaryna — dünýäniň ähli adamlaryna ynanmagy karar etdik. Biz öz aramyzdaky aragatnaşygymyz bilen iňlis dilini ösdürişimiz her ýyl Oksfordyň söz saýlaýşyna täsirini ýetirýär, ýöne sözlügiň taryhynda ilkinji gezek 2022-nji ýylyň sözi jemgyýetçilik tarapyndan saýlanar» — diýip, habarda aýdylýar.

Gysga sanawa metaverse («metaälem») we goblin mode («goblin düzgüni») we heşteg#StandWith («men goldaýaryn») diýen düşünjeler girdi.
Ses bermeklik saýtda eýýäm açyk we 2-nji dekabrda sagat 0:01-de (5:01 aşg.) tamamlanýar.
Geçen ýyl Oksford sözlügini düzüjiler «waksina», «waksina almak», «waksina urmak» diýen manylary berýän vax sözüni ýylyň sözi diýip saýladylar. Şonda ol söz, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 72 esse köp ulanylypdyr.
1-nji noýabrda iňlis diliniň Collins English Dictionary britan sözlügi permacrisis sözüni üstümizdäki ýylyň sözi diýip atlandyrdy. Söz — permanent (uzak saklanýan saç buýrasy) we crisis (çökgünlik) sözlerinden emele gelen. Onuň manysy «durnuksyzlygyň we elden berlen howpsuzlygyň uzaga çeken döwri» diýmegi aňladýar.

şu gün 00:03
749

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
796

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
383

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......