COP28 geljek ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriler

  • 24.11.2022 14:08
  • 9.7k+

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (COP28) geljek ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriler. BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum bu maslahatyň 2023-nji ýylda ýurtda geçiriljek iň möhüm waka boljakdygyny aýtdy.

Khaleejtimes.com saýty Şeýh Mohammediň BAE-niň Hökümetiniň her ýylky mejlisinde çykyş edip, ýurtda geljek ýylda COP28-i geçirmegiň ähmiýetine aýratyn ünsi çekendigini ýazýar.
Mejlisiň dowamynda BAE-niň senagat we ýokary tehnologiýalar ministri, BAE-niň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Sultan bin Ahmed Al Jaber Birleşen Arap Emirlikleriniň tutanýerliliginiň, dünýä ýurtlary bilen pugta diplomatik gatnaşyklarynyň hem-de energetika we durnukly ösüş pudaklarynda synagdan geçen tejribesi bilen berkidilen howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelerde eýeleýän pragmatik ugrunyň ýurda geçen ýylda 2023-nji ýylda COP28 maslahatyny geçirmek hakynda halkara ylalaşygy gazanmaga mümkinçilik berendigini belledi.
Nygtalyşy ýaly, 2023-nji ýylda COP28 Birleşen Emirliklerindäki “Expo City Dubai” şäherçesinde geçirilip, ol BAE-niň Milli güni bilen gabat geler. Çärä ýokary derejeli wekiller, şol sanda 140-dan gowrak ýurtdan döwlet we hökümet Baştutanlary, 80 müňden gowrak wekil, 5 müň çemesi köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşar. Häzirki wagtda ýurtda bu iri çärä taýýarlyk işlerine badalga berildi. Taýýarlyga gözegçilik etmek maksady bilen, ýurduň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň ýolbaşçylygyndaky Ýokary komitet döredildi.


30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

29.04.2026 16:01
2.1k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

25.04.2026 16:03
3.5k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......