Ispaniýa Dünýä çempionaty — 2022-de Kosta-Rikany 7:0 hasap bilen ýeňdi

  • 24.11.2022 00:42
  • 8.8k+

Katarda futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygynda Ispaniýanyň futbolçylary Kosta-Rikany 7:0 hasap bilen ýeňlişe sezewar etdiler.

Ispan ýygyndysynyň düzüminde Ferran Torres dubl etdi (31-nji minutda pen., 54-nji min.). Bir goldan Dani Olmo (11), Marko Asensio (21), Gawi (74), Karlos Soler (90) we Alwaro Morato (90+2) geçirdi.
Ispaniýa Germaniýany ýeňen Ýaponiýa bilen bilelikde E toparyň başyny çekýär, olaryň hersinde 3 utuk bar.
Ikinji tapgyrda Ispaniýa Germaniýa bilen, Kosta-Rika bolsa Ýaponiýa bilen duşuşar. Duşuşyklaryň ikisi hem 27-nji noýabra meýilleşdirildi.


şu gün 14:05
2.5k+

“Liwerpul” ÇL-iň taryhynda klubuň iň ýaş oýunçysy bilen professional şertnama baglaşdy

“Liwerpul” häzire çenli Çempionlar ligasynda klub üçin çykyş eden iň ýaş oýunçy bolan Treýmoris Nýoni bilen şertnama baglaşandygyny habar berdi. 30-njy iýunda 18 ýaşyny dolduran güni ýarymgoragçy ilkinji professional şertnamasyny baglaşmaga mümkinçilik gazandy...

şu gün 11:49
3.2k+

Klublaýyn dünýä çempionaty: “Real” “Ýuwentusy” utdy we çärýek finalda “Borussiýa” bilen oýnar

Madridiň “Realy” Klublaýyn dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Turiniň “Ýuwentusyny” utdy. Oýun Maýamide geçirildi we 1:0 hasabynda tamamlandy. Ýeke-täk goly 54-nji minutda Gonsalo Torres geçirdi. 1/4 finalda “Real” Meksikanyň “Monterreý” klubuny 1:2 hasabynda utan Dortmundyň “Borussiýasy” bilen duşuşar...

düýn 18:49
6.8k+

Give me Sport häzirki wagtda dünýäniň iň gowy futbolçysyny atlandyrdy

Give me Sport iňlis neşiri häzirki wagtda dünýäniň iň gowy futbolçylarynyň sanawyny hödürledi. Reýtingde birinji orny “Barselonanyň” ispaniýaly wingeri Lamin Ýamal eýeledi. Ikinji orunda Usman Dembele (“PSŽ”) ýerleşdi...

düýn 18:26
2.6k+

«Lion» FK 1-nji Ligadan düşürilensoň prezidentini üýtgetdi

Geçen hepde «Lion» futbol kluby maliýe kynçylyklary sebäpli, Fransiýanyň 1-nji Ligasyndan ikinji diwiziona düşürildi. L'Équipe gazetiniň maglumatlaryna görä, klubuň bergisi 175 mln ýewro barabar. Klubuň düşürilmegi baradaky karary Milli administratiw gözegçilik departamenti (DNCG) kabul etdi...