Ford hiç mahal peýda bolmajak howpsuzlyk ýassygyny patentledi

  • 23.11.2022 12:07
  • 23k+

Ford kompaniýasy sürüjisiz awtoulaglara niýetlenen adaty däl şekildäki howpsuzlyk ýassyklaryny patentledi. Emma bu ugur golaýda ýapylany sebäpli işläp taýýarllaýyş diňe kagyz ýüzünde galsa gerek diýip, CarBuzz portaly çaklaýar.

Doly awtonom ulaglaryň salony adaty ulaglaryňkydan aşa tapawutlanýar. Olarda gözümiziň öwrenişen görnüşindäki pribor paneli ýok, oturylýan ýerleri bolsa erkin görnüşde ýerleşýär. Bu çişirme ýassyklary açylanda wezipesini dogry ýerine ýetirer ýaly terzde ýerleşdirmegi kynlaşdyrýar.
Ford olary potolokda ýerleşdirmegi we adaty däl şekilde ýasamagy göwnejaý bildi. Patent üçin taýýarlanan suratlardan görnüşi ýaly, ýassyklar çişirilen görnüşdekä silindriň şekilini alýar. Ol ýolagçyny oturan kürsüsiniň arkalygy bilen bile dolap alýar we gaty detal bilen galtaşmakdan doly goraýar.
Oktýabr aýynyň aýagynda Ford kompaniýasynyň özüniň sürüjisiz ulaglary işläp taýýarlamak boýunça bölünmesini ýapýandygy mälim boldy. Ol Argo diýip atlandyrylýardy, taslamadaky hyzmatdaşy bolup Volkswagen Group konserni çykyş edýärdi. Ugur harajatlar bilen göreşmegiň pidasy boldy. Şu çözgüt bilen baglylykda, Ford ulag industriýasynda yza galmak töwekgelçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar.


19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.3k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....