“Gara pantera: Wakanda ebedi” filmi dünýä prokatynda 546 mln dollardan gowrak gazandy

  • 22.11.2022 16:08
  • 7.2k+

Marvel kinoäleminiň 30-njy kartinasy bolan Raýan Kugleriň “Gara pantera: Wakanda ebedi” filmi ikinji dynç günleriniň jemi boýunça dünýä prokatynda 546 mln dollardan gowrak gazandy. Olardan 288 mln dollary öz demirgazyk amerikan sebitinde, ýene 258 mln dollary daşary ýurt bazarlarynda gazandy diýip, Collider ýazýar. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Bu film eýýäm şu ýylyň iň girdejili ýedinji lentasy adyna eýe boldy. Netijede, onuň girdeji ýygymy boýunça Marvel-iň 2022-nji ýyldaky beýleki relizlerinden – “Doktor Strenj: däliligiň multiäleminde” ($955 mln) we “Tor: Söýgi we Gök gürrüldisi” ($760 mln) filmlerinden öňe geçmegine garaşylýar. Ýöne heniz filmiň 1,3 mlrd dollar gazanyp, Marvel-e taryhda ilkinji “Oskar” üçin “Iň gowy film” kategoriýasynda nominasiýany getiren birinji “Gara panteranyň” üstünligine ýetip biljekdigi barada bolsa öňünden aýtmak kyn.
Şeýle-de bolsa, film üçin şertler oňaýly: onuň ýakyn bäsdeşi, baş keşpde Dueýn Jonson bilen “Gara Adam” kinokomiksi bir aýdan gowrak wagtyň içinde tutuş dünýä boýunça prokatda bary-ýogy 360 mln dollar gazanyp bildi, indiki uly blokbaster bolan “Awatar: Suw ýoly” bolsa ekrana 16-njy dekabrda çykar.

düýn 23:59
50

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
464

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
2.6k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

düýn 10:41
1.3k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......