Amerikan kosmos gämisi Aýa golaýlady

  • 22.11.2022 08:50
  • 12k+

Amerikanyň Orion kosmos gämisi sürüjisiz uçuş synagynyň çäklerinde duşenbe güni özüniň indiki aýlaw uçuşyndan öň Aýa golaýlady diýip, NASA habar berdi.

Häzirki wagtda ol uçurylanyndan soň bäş günüň içinde eýýäm 376 müň km ýol geçip, Ýeriň tebigy hemrasyndan 19 müň km daşlykda ýerleşýär.
Aýyň Ýerden görünmeýän Arka tarapynyň töwereginde, ABŞ-nyň Gündogar kenar ýakasynyň wagty bilen 07:44-de (Aşgabat wagty bilen 17:44-de) gämide iki ýarym minutlyk marş hereketlendirijisi işlediler. Şol pursat Orion Ýeriň tebigy hemrasynyň üstünden bary-ýogy 130 km belentlikde bolar. Gämi manýowr netijesinde kem-kemden Aýyň ýanyndan daşlaşyp ugrar. Soňra 25-nji noýabrda hereketlendiriji ýene bir gezek işledilmeli, şonda gämi Aýyň üstünden 64 müň km beýiklikdäki uzak retrograd orbita çykar we ol ýerde alty gün bolar.
Soňra 5-nji dekabrda Orion Aýyň daşyndan golaý aralykdan aýlanyp çykar.
NASA-nyň maglumatlaryna görä, Gäminiň Aýyň üstünden uçuş orbitasy öň amerikan pilotirlenýän Apollo 11,12, we 14-iň gondurylan etraplaryndan geçer. 
11-nji dekabrda Orion Kaliforniýanyň kenarlaryna golaý ýere Ýuwaş ummanyna suwa gonar.
Onuň bortunda uçuşyň geljekki ekipaža etjek täsirini ölçejek datçikler oturdylan maneken bar.


düýn 20:50
4.5k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

30.05.2026 20:46
2.1k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....

30.05.2026 01:11
1.3k+

NASA Aý missiýalary üçin döreden aşa çydamly we arzan materialyny synagdan geçirdi

NASA-nyň Glenn barlag merkezinde Aý tozanynyň meňzeşinden gyzgynlyga çydamly we ykdysady taýdan bähbitli täze bir material işlenip düzüldi. Ol geljekki Aý missiýalarynda kosmonawtlaryň enjamlaryny goramak we......

28.05.2026 19:00
992

NASA Aý bazasynyň ilkinji missiýalary üçin Blue Origin kompaniýasyny saýlady

NASA 2026-njy ýylda Aýa tarap guraljak üç sany uçarmansyz uçuşy mälim etdi we gymmaty 20 milliard dollar bolan Aý bazasyny döretmek maksatnamasynyň ilkinji missiýalary üçin Blue Origin kompaniýasyny saýlady....