COP-27-ä gatnaşyjylar ösüp barýan ýurtlara kömek bermegiň gaznasyny döretmegi ylalaşdylar

  • 20.11.2022 20:15
  • 10k+

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 27-nji konferensiýasyna (COP-27) gatnaşyjylar ösüp barýan ýurtlaryň howanyň üýtgemegi bilen bagly çekýän zyýanlarynyň öwezini dolmak üçin olaryň gaznasyny döretmek barada şertleşdiler. Bu barada ýekşenbe güni Müsüriň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Sameh Şukri COP-27-niň Şarm-eş-Şeýh şäherinde tamamlanan jemleýji mejlisinde çykyş edende aýtdy.

"Biz bu gaznany döretmegiň üstünde bar güýjümizi berip işledik we muňa buýsanýarys" - diýip, Şukri belledi. Onuň sözlerine görä, bu çözgüt adalatly, çünki häzirki "sammit, agzalan gazna tassyk bolary ýaly, Afrikada geçirilýär".

"Dünýäniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna garamazdan,  biz hemişekimiz ýaly howanyň üýtgemegi bilen bagly göreşde yhlas görkezmegimizi dowam edýäris we syýasy kararlaryň kabul edilmegi nukdaýnazaryndan hemmämiz bilelikde seslenip bileris." - diýip, Şukri nygtady. Ol COP-27-ä gatnaşyjy ýurtlar hemme zady öz içine alýan howa ylalaşygyny gazandylar we sammitiň jemleýji resminamasynyň kabul edilmegini biragyzdan makulladylar diýip tassyklady.

"Taslama - bu häkibir kagyz ýüzündäki sözler däl-de döwlet baştutanlarynyň geljek nesillerimiz üçin dünýä ýüzüne ýüzlenmesidir, Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilmegine  berlen degişli depgindir. Men sizi howanyň üýtgemegi bilen bagly göreşde ynamy ödemäge çagyrýaryn" - diýip, COP-27-niň prezidenti aýtdy.


30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

29.04.2026 15:42
1.5k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

29.04.2026 07:36
1.1k+

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......

17.02.2026 21:50
5.2k+

Ýewropa ýurtlaryny global maýylganlyga has tiz taýýarlyk görmäge çagyrýarlar

Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa ylmy konsultatiw geňeşi (ESABCC) Ýewropanyň ýurtlaryny global ýylylyga taýýarlanmaga çagyrdy. ESABCC täze hasabatynda Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) agza ýurtlarynyň temperaturanyň ýokarlanmagyna uýgunlaşmak boýunça görýän çärelerini «ýeterlik däl we köp ýagdaýlarda gijä galan» diýip atlandyrýar...