Iki ýyldyzyň iň soňky dünýä çempionaty

  • 20.11.2022 12:57
  • 29k+

20-nji noýabrda badalga aljak futbol boýunça dünýä birinjiligi ugrundaky ýaryş häzirki zaman futbol dünýäsindäki iki läheň ýyldyz bolan Lionel Messi hem-de Kriştian Ronaldu üçin iň soňky dünýä çempionaty bolmagy mümkin. Bu hakda Ýewropa hem-de Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň metbugatynda beýan edilýär. Ençeme ýaş nesilleriň seždegähine (kumirine) öwrülen ala topuň ezber ussatlary bu hakdaky öz pikirlerini köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hem paýlaşýarlar.

«Futbol talaplaryna laýyklykda «ýaşym bir çene bardy»
Bu wagt özümi gowy duýýanam bolsam, hemişe bu durkumy saklap bilmezligim mümkin we isleseň-islemeseň, bu ýagdaý oýnuň netijeliligine täsirini ýetirer. Şonuň üçin Katardaky dünýä çempionatyndan soňra geljegim hakda düýpli pikirlenerin. Täzeçe bir karara gelerin» diýip, Kataryň Doha şäherinde gurnalan metbugat brifinginde çykyş eden Lionel Messi öz pikirlerini paýlaşdy. «Şonuň üçin Katardaky dünýä çempionatynyň hemişelik ýagşy ýatlamalara hemra etmegi üçin oýun meýdançasynda özümi doly görkezmäge yhlas ederin» diýip, ussat türgen sözüniň üstüni ýetirdi. Edil şeýle ýagdaý Kriştian Ronaldu üçinem degişlidir. «Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň gowusy boljakdygyna ynanýaryn» diýen sözlerini, Kataryň Al-Jazeera saýty habar berýär.

Has täsin ýeri-de, bu iki ägirtde futbol dünýäsinde bolup biläýjek abraýly derejeleriň we sylaglaryň diňe birjesinden galan ählisi bar. Bulara diňe dünýä çempiony bolmak ýetenok. Ähli bäsdeşlerinden rüstem gelip, finala çykaýanlarynda hem bularyň birisi barybir  bu derejäni gazanmazdan, futbol bilen hoşlaşmaly bolar. Çünki, futbol boýunça dünýä çempionaty bularyň diňe birini ýeňiji edip biler. Oýnuň düzgüni şeýle. Futbol bilermenleri Argentinanyň hem-de Braziliýanyň milli toparlaryny finala çykyp biljek iki sany esasy topar hökmünde göz öňünde tutýarlar.


düýn 19:10
4.9k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.9k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.6k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....