Özbegistanda kibersport sportuň aýratyn görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi

  • 20.11.2022 12:39
  • 8.9k+

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew respublikada kibersporty ösdürmek we ýaýratmak barada karara gol çekdi. Resminama ýurduň hökümetiniň we parlamentiniň metbugat organy bolan “Halk sözi” gazetinde çap edildi diýip, bigasia.ru habar berýär.

Karara laýyklykda, kibersport respublikada resmi taýdan sportuň aýratyn görnüşi hökmünde ykrar edildi, resminama ussat kibertürgenleri we tälimçileri, ýokary hünärli emin agzalaryny we teswirçileri, şeýle-de kibersportuň görnüşleri boýunça beýleki hünärmenleri taýýarlaýyş we kämilleşdiriş ulgamyny döretmegi göz öňünde tutýar.
Respublikada respublikan we halkara çempionatlary hem-de ýaryşlary guramak, şeýle-de Özbegistanyň wekilleriniň kibersportuň görnüşleri boýunça halkara we sebit ýaryşlaryna “mynasyp gatnaşygyny ýola goýmak” meýilleşdirilýär.
2023-nji ýyldan Özbegistanda her ýyl respublikan çempionaty Uzbekistan Esports Championship-iň, “Ministrler Kabinetiniň kubogy” we “Ýaşlar kubogy” ýaryşlarynyň geçirilmegine garaşylýar.


06.04.2026 10:44
8.8k+

The Athletic neşiri Abdukodir Husanowy özbekleriň Kriştianu Ronaldusy diýip atlandyrdy

The Athletic neşiri Özbegistanyň milli ýygyndysynyň we «Mançester Siti» toparynyň goragçysy Abdukodir Husanowyň öz watanyndaky meşhurlyk derejesini portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu bilen deňeşdirdi....

24.03.2026 10:21
2.4k+

«She.Tri» Merkezi Aziýa zenanlarynyň triatlon bilen meşgullanmagy üçin täze mümkinçilik

«Merkezi Aziýada zenanlaryň arasynda köpçülikleýin triatlon sportuny ösdürmäge gönükdirilen «She.Tri» platformasy işe girizildi. Taslamanyň tanyşdyrylyş dabarasy 20-nji martda Gazagystanyň metbugat klubynda geçirildi» diýip, CMN...

18.03.2026 11:25
2k+

Türkmenistanyň küştçi gyzlary Buharadaky halkara ýaryşynda uly ýeňiş gazandy

2026-njy ýylyň 9 — 15-nji marty aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde zenanlaryň arasynda IV halkara küşt ýaryşy geçirildi. Hindistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Mongoliýadan, Awstriýadan, Belarusdan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gelen güýçli küştçüleriň gatnaşan bu bäsleşiginde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary ýokary netijeleri görkezdi...

27.01.2026 01:06
1.3k+

Aziýanyň ýetginjekler oýunlary 2029-njy ýylda Daşkentde geçiriler

Daşkent şäherinde Aziýa Olimpiýa geňeşiniň (AOG) 46-njy Baş assambleýasy geçirilýär. Çäräniň birinji gününiň esasy çözgüdi Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheriniň 2029-njy ýylyň Aziýanyň ýetginjekler oýunlarynyň paýtagty diýlip resmi taýdan tassyklanmagy boldy...