Usman Nurmagomedow ýeňil agramda Bellatoryň çempiony boldy

  • 20.11.2022 12:26
  • 25k+

Russiýaly pälwan Usman Nurmagomedow ýeňil agramda Bellatoryň guşagyny almak ugrundaky titul tutluşygynda braziliýaly türgen Patriki Freýreni ýeňdi. Bellator 288 turniri şenbä geçilen gije Çikagoda geçdi.

Nurmagomedow eminleriň biragyzdan gelen karary bilen ýeňiş gazandy.
Nurmagomedow 24 ýaşynda, onuň hasabynda indi garyşyk başa-baş göreşlerde gazanan 16 ýeňşi bar, ýekeje ýeňliş hem ýok. Ol ýeňil agramda Absolýut pälwanlaryň çempionatynyň (UFC) öňki çempiony Habib Nurmagomedowyň doganoglanydyr.
36 ýaşly Freýre 2021-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri çempion titulyny eýeläp gelipdi, bu onuň birinji goranyşy boldy. Braziliýaly türgeniň hasabynda MMA-da 24 ýeňiş we 11 ýeňliş bar.


17.06.2026 17:46
15k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

01.06.2026 10:58
6.9k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

17.04.2026 09:31
24k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

13.03.2026 12:13
9.4k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...