2022-nji ýylyň iň ygtybarly awtoulaglary yglan edildi

  • 19.11.2022 18:39
  • 27k+

Consumer Reports amerikan žurnaly (söwda dahylsyz Consumers Union guramasynyň neşiri) iň ygtybarly awtoulaglary çykarýan kompaniýalaryň ýyllyk reýtingini çap etdi. Şu ýyl sanawda öňdeligi Toyota bilen Lexus eýeledi. Üçünji ýerde – nemes BMW-si.

Barlaglar 2000-2022-nji ýyllarda çykan ulaglaryň eýesi bolan 300 müň amerikan sürüjisi bilen geçirilen pikir soraşmalaryň netijesine esaslanýar. Olardan soňky 12 aýyň içinde ýüzbe-ýüz bolan tehniki kynçylyklaryny ýadyna salmagy haýyş etdiler. Ulagda ýüze çykan döwülmeleri 17 sany esasy kategoriýa böldiler, şol sanda hereketlendirijidäki, transmissiýadaky, podweskadaky, ýangyç ulgamyndaky, tormozlardaky, tok ugrundaky we elektronikadaky näsazlyklary nazara aldylar. Şol maglumatlar esasynda 0-dan 100 bal ulgamynda ygtybarlylyk koeffisiýentini aldylar.
Netijede, Toyota we Lexus hersi 72 baldan aldylar, BMW bilen Mazda – 65 bal aldy. Bäşinji ýerde Honda durýar (62). Soňra Audi (60), Subaru (59) we Acura (57) gelýär. Şeýle-de birinji onluga hersi 54 baldan alan Kia bilen Lincoln hem düşdi. Bary-ýogy 26 bal alan Mercedes-Benz-iň  ulaglaryny iň ygtybarsyz diýip hasapladylar. Şeýle-de, Jeep (30) bilen Volkswagen (31) reýtingde yzky hatarlara düşdi.
Model babatynda aýdylanda bolsa, Toyota Corolla Cross krossoweri iň ygtybarly awtoulag diýip bilindi.  Ikinji ýerde – Lexus GX wnedorožnigi. Ilkinji üçlügiň soňunda Mini Cooper gelýär.

Soňra Toyota Prius we Mazda MX-5 gelýär. Iň ygtybarsyz awtoulaglaryň antireýtinginiň başyny gibrid Ford F-150 çekýär.  
Şeýle-de bu sanawa Hyundai Kona Electric we Lincoln Aviator girdi.
Geçen ýyl hem Consumer Reports-yň reýtinginiň liderleri takmynan şulardy. Şonda sanawyň birinji setirini Lexus markasy eýeläpdi. Ikinji ýerde Mazda durupdy. Birinji üçlügiň soňy Toyota degişli bolupdy.


18.06.2026 10:58
3.4k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

16.06.2026 09:57
5.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....