Türkmenistanda önümçilik desgalarynyň talabalaýyk ulanylmagyny üpjün etmäge degişli resminamalar taýýarlanylýar

  • 19.11.2022 08:25
  • 10k+

Türkmenistanda degişli önümçilik desgalarynyň talabalaýyk ulanylmagyny üpjün etmäge degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ulgamdaky işi kadalaşdyrýan Türkmenistanyň Kanunyndan ugur alnyp, kadalaşdyryjy hukuk namalary taýýarlanylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda agzalan Kanun esasynda ygtyýarly edara hökmünde bellenen “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan birnäçe resminamalaryň taslamalary taýýarlanyldy. Resminamalaryň taslamalary Adalat ministrligi hem-de degişli ministrlikler, pudak edaralary bilen bellenen tertipde deslapdan ylalaşyldy.
Serdar Berdimuhamedow bu işiň yzygiderli, döwrüň talaplaryna laýyklykda, halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin hukuk gurallaryny ulanmak arkaly alnyp barylmalydygyny nygtap, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......