Fizikler 2030-njy ýylda sekunda täze kesgitleme bererler

  • 18.11.2022 15:49
  • 10k+

Golaýda fransuz Wersalynda açylan XXVII Ölçegler we agyrlyklar boýunça baş konferensiýa 2030-njy ýyla çenli sekunda täze kesgitleme bermek barada karara geler, bu barada Moskwanyň Inžener-fiziki institutynyň (MIFI) Milli ýadro barlaglary uniwersitetinde geçen konferensiýada rus alymlary habar berdiler.

Bu günki gün sekunt ýagtylyk döwrüniň 9 192 631 770 uzaklygy hökmünde kesgitlenilýär. Bu kesgitleme 1967-nji ýylda XIII Ölçegler we agyrlyklar boýunça baş konferensiýasynda kabul edildi. Şeýle-de bolsa şu wagt içinde hünärmenlere bu kesgitlemäni takyklamak başartdy. Sekundyň täze kesgitlemesi indi optiki diapazonda geçişiň uzaklygyna esaslanar.
WNIIFTRI-niň baş ylmy işgäri Witaliý Palçikowyň sözlerine görä, ýygylygyň optiki standartlary we olaryň ölçeg takyklygy seziýada atom ýygylygynyň ölçeg takyklygyndan takmynan iki tertip ýokarydyr. Häzirki wagtda sekundyň täze kesgitlemesi üçin dokuz «dalaşgär» bar, olardan şu elementleri görkezmek bolar: simap, itterbiý, alýuminiý we beýlekiler.
Alymlar täze kesgitleme babatynda bir pikire gelenlerinden soň, ony Halkara birlikler ulgamyna (CИ ulgamyna) girizerler — uzaklygy, wagty we beýleki ululyklary ölçemek üçin 1960-njy ýylda girizilen ählumumy halkara çemeleşme.

düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:53
4.9k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ozal näbelli şäheri tapyldy

Halkara arheologlar topary Meksikanyň günortasyndaky Kampeçe ştatynda ýerleşýän Kalakmul biosfera goraghanasynda ozal näbelli bolan maýýa şäherini ýüze çykardy. «Minanbe» diýlip atlandyrylan bu şäher sebitiň......

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......