2022-nji ýylda iň meşhur parol — «password», ondan soň «123456»

  • 17.11.2022 17:09
  • 9.4k+

«Password» sözi 2022-nji ýylda adamlaryň öz akkauntlaryny goramak üçin ulanan iň meşhur sözi boldy. Bu barada kompaniýanyň — 30 ýurtda parollara seljerme beren NordPass parollar dispetçeriniň hasabatynda aýdylýar.

Onuň sözlerine görä, password sözi esasan Awstraliýa, Beýik Britaniýa we Hindistan ýaly ýurtlarda ýygy ulanylypdyr. «123456» sanlaryň sazlaşygy bolsa meşhurlygy boýunça ikinji wariant boldy, bu NordPass-yň sanawyndaky soňky iki ýylyň içinde dünýäde ulanylan iň gowşak parollarynyň başynyny çekýär. Şu ýyl şeýle parol Braziliýada, Indoneziýada, Italiýada, Çilide, Kanadada, Kolumbiýada, Wengriýada, Malaýziýada we beýleki birtopar ýurtlarda iň meşhurlaryň hatarynda bolmagynda galdy. Üçlügiň soňunda sanlaryň «has çylşyrymly» sazlaşygy — «123456789» durýar. 
ABŞ-da iň meşhur parol guest (iňg. «myhman») sözi eken — bu dünýäde meşhurlygy boýunça dördünji kod sözüdir. Bäşinji ýerde klawiaturanyň iňlis goýluşyndaky biri-biriniň yzyndan gelýän harplaryň utgaşmasy — qwerty. Onuň yzyndan dürli ýönekeý san utgaşmalary gelýär, mysal üçin, «12345678», «111111», «12345».

şu gün 16:13
534

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
908

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
2.9k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.8k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......