Alkaras ýylyň jemi boýunça taryhda dünýäniň iň ýaş birinji raketkasy boldy

  • 17.11.2022 16:41
  • 6.1k+

Ispaniýaly türgen Karlos Alkaras 19 ýaşynda Professional tennisçileriň assosiasiasynyň (ATP) reýtinginde ýyly birinji orunda saklanyp tamamlan taryhda iň ýaş oýunçy bolar (1973-nji ýyldan bäri) diýip, ATP-iň saýtynda habar berilýär.

Alkaras ýylyň başyndan bäri 32-nji setirden birinji ýere çykyp, 50 möwsümiň içinde iň uly böküş etdi. 5-nji dekabrda ATP-iň reýtingi soňky gezek täzelenjek pursadyna çenli ispan türgeniniň doglanyna 19 ýyl 214 gün bolar. Owal ýylyň jemi boýunça awstraliýaly türgen Lleýton Hýuitt dünýäniň iň ýaş birinji raketkasy bolupdy, 2001-nji ýylda möwsümi birinji ýerde tamamlanda onuň doglanyna 20 ýyl 275 gün dolupdy.
Alkaras üstümizdäki möwsümde 70 oýundan 57 oýunda ýeňiş gazandy. Şol sanda 14 duşuşykdan 9-synda garşydaşlary top-10-dakylardandy. Ispan türgeni şu ýyl jemi, US Open-i hem öz içine alýan, bäş turnirde ýeňiş gazandy we 7,6 mln-lyk baýrakly ýerleri eýeledi.


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......