Louis Vuitton brendi Parižde özüniň ilkinji otelini açar

  • 16.11.2022 23:51
  • 6.9k+

Direktorlar geňeşiniň başlygy we baş ýerine ýetiriji direktor Maýkl Berk Vuitton-yň korporatiw ofislerini myhmanhana we söwda toplumlaryna öwürmek boýunça meýilnamalaryny äşgär etdi. Bu barada WWD habar berýär.

Lýuks klasly fransuz brendiniň direktorlar geňeşiniň başlygy we baş ýerine ýetiriji direktory interwýusynda Louis Vuitton-nyň korporatiw ofislerini Parižde, dünýäde ilkinji Louis Vuitton otelini we  dünýäde iň iri dükany öz içine alýan, giň ýaýbaňlanan topluma öwürmek boýunça meýilnamalaryny äşgär etdi. Bu Parižiň taryhy merkezine tarap açylýan görnüşli merkezi ofisden ýüz öwrülýändigini çak etdirýär.

"Bu dünýäde iň bir tolgundyrýan özüne çekiji görnüş" - diýip, Maýkl Brek Eýfel diňinden Parižiň Bibimerýem ybadathanasyna çenli ýaýylyp gidýän gözel görnüş hakynda gürrüň berýär.

LVMH Moet Hennessy Louis Vuitton soňky 18 aýyň içinde täzelenen La Samaritaine uniwermagyny we Cheval Blanc otelini, şeýle hem özüniň Cova italýan süýji-köke dükanynyň ilkinji pariž bölümçesini açyp, golaý etraplaryny çensiz üýtgetdi.

Şeýle-de, ol direktorlar geňeşiniň başlygy we dünýäde zynatly zatlaryň iň iri konglomeratynyň baş direktory Bernar Arnonyň bu etraba köpräk ofisleri, dükanlary, ýaşaýyş jaýlaryny, restoranlary we medeni çäreleri çekmegi meýilleşdirmek bilen, işine ýaňybir girişýändigini gürrüň berdi. 


düýn 20:02
666

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
3.5k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

17.06.2026 17:35
3.7k+

Mariýa-Antuanettä henizem hat ýazýarlar: Fontenblo köşgüne 4 müň hat geldi

Fransiýadaky Fontenblo köşgi «Galamyňyzy alyň-da, Mariýa-Antuanettä hat ýazyň!» diýen uly göwrümli çäräniň çäginde takmynan 4 müň hat aldy. Bu başlangyç Lýudowik XVI we Fransiýanyň soňky höküm süren şazenany......

13.06.2026 08:06
2.3k+

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....