MTV Europe Music Awards ýylyň ýerine ýetirijisini saýlady

  • 16.11.2022 14:14
  • 12k+

MTV Europe Music Awards baýragynyň netijeleri jemlendi. Bu barada aýdym-saz baýragynyň resmi Twitter akkauntyna salgylanyp, novosti.kg habar berýär.

Şeýlelikde, Teýlor Swift ýylyň iň gowy ýerine ýetirijisi boldy. Ol “All Too Well” klibi bilen “Iň gowy wideo” we “Iň gowy pop” kategoriýalarynda-da ýeňiş gazandy.
Ýylyň esasy aýdymy Niki Minažyň “Super Freaky Girl” aýdymy boldy. Bibi Reksa bilen Dewid Getta “I’m Good (Blue)” aýdymy üçin “Iň gowy hyzmatdaşlyk” nominasiýasynda lider boldular. Täze sazandalaryň arasynda SEVENTEEN topary ýeňiş gazandy.
Anitta latyn sazyny iň gowy ýerine ýetiriji diýlip yglan edildi. Niki Minaž esasy hip-hop artisti, Dewid Getta esasy elektron sazandasy boldy. “Iň gowy rok” kategoriýasynda birinji orny Muse, “Iň gowy alternatiw saz” kategoriýasynda birinji orny Gorillaz eýeledi. R&B žanrynyň wekillerinden baýraga Chlöe mynasyp boldy.
Şu ýyl MTV European Music Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy Dýusseldorfda geçirildi.

şu gün 16:13
684

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
908

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
2.9k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
8.9k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......