Frigiýa şyrdaklary Pariždäki Olimpiadanyň we Paralimpiadanyň tumarlary boldy

  • 16.11.2022 14:00
  • 4.3k+

2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Olimpiadanyň we Paralimpiadanyň resmi tumarlaryny görkezdi. Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlaryň tumarlary Frigi adyny alan iki frigiýa şyrdagy boldy diýip, interfax.ru belleýär.

“Erkinlik telpegi” hökmünde-de belli bolan frigiýa şyrdagy halkara erkinligiň nyşany bolup, Fransiýanyň nyşanlarynyň birine öwrüldi.
Tumar şyrdaklar Fransiýanyň baýdagynyň reňklerinde – gök, ak, gyzyl reňklerde ýerine ýetirilipdir. Olarda, esasan, gyzyl reňk agdyklyk edýär. Paralimpiadanyň tapawutly alamaty aýagyň ýerine proteziň bolmagydyr.
2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda, Paralimpiýa oýunlary 28-nji awgustdan 8-nji sentýabr aralygynda geçiriler.


düýn 10:38
2.6k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.4k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

06.05.2026 23:46
1.8k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....