Audi logotipini täzeledi

  • 15.11.2022 17:39
  • 25k+

Audi kompaniýasy şereket logotipiniň dört halkadan ybarat täze şekiline geçýär. Soňky nusga görä, ol indi ýasy, ikölçegli bolar, bu ony has hem döwrebaplaşdyrar.

Emblemanyň geometriýasy we onuň esasy elementleri üýtgewsiz galdy. Göwrümli duýgurlykdan el çekilmegi brendiň ulaglarynyň agraslygyny, hiliniň ýokarylygyny nygtamaly.
Audi ikölçegli logotipi baryp-ha 2016-njy ýylda ulanyp başlapdy. Emma häli-häzire çenli ol diňe sanly gurşawda ulanylýardy: displeýde öňki gabaraly logotip ýerliksiz görnerdi. Indi «ýasy» şekil ulaglaryň özüne-de geçip ugrady.
Gabara bilen bilelikde hrom hem ýitdi. Indi Audini inçejik gara gurşawdaky ak halkalar şekillendirýär. Müşderiler opsiýa hökmünde garaldylan emblemalary saýlap bilýärler.  Şeýle ýagdaýda ak reňki goýy çal reňk bilen çalyşýarlar we jähek bilen kontrasty saklanar, ýogsa kän bildiribem durmaz.


09.05.2026 13:31
2.2k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...